logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ WASPÇYSY
  24.06.2023
3818
TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ WASPÇYSY

Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş dünýä halklarynyň köňüllerine dolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ähli ugurlardan söz açýan dana setirlerinde gözel türkmen tebigaty hem öz beýanyny tapýar. Şahyryň goşgy setirlerinde gözel tebigatymyzyň düzüm bölekleri, bolup geçýän tebigy hadysalar, olar bilen baglanyşykly ýagdaýlar eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly şahyryň  «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň», «Görner», «Içinde», «Yzlamaýan bolarmy», «Bolar sen» we şular ýaly beýleki käbir goşgulary täsin türkmen tebigatynyň üýtgeşikligini ýüze çykarýan setirleri özünde jemleýär. Şahyryň «Içinde» goşgusynda janly-jandarlar edil adam gürlän ýaly «gepleýärler»: 

Durna aýdar, uçar men,
Bagdat suwun içer men...
 

ýa-da bolmasa: 

Düýe aýdar, otlar men,
Otlan ýerim ýatlar men...
 

ýaly setirlere duş gelýäris. Bu goşgy setirleriniň her birinde her bir janawer özi barada, öz ýaşaýyş şertleri barada söz açýar. Goşgy bentlerinde totuguşuň, ýabynyň, durnanyň, düýäniň, gazyň, eşegiň we beýleki haýwanlaryň ýaşaýyş şertleri barada maglumatlar berilýär.

Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusy okyjylaryň içinde has köp söýlüp okalýar.  Onuň setirlerinde ene topragymyzyň her bir tebigy gymmatlygy aýratyn agzalyp geçilýär, ýagny: 

...Gül-gunçasy, gara gözüm garasy
Gara dagdan iner sili, türkmeniň...
 

ýa-da 

Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy
Gark bolmuş reýhana çöli, türkmeniň.
 

Magtymguly atamyzyň şygryýet dünýäsinde esasy orna mynasyp bolan goşgularynyň biri-de «Bolar sen» goşgusydyr. Bu goşgy öz içinde tebigatyň düzüm bölekleri janlanýan öwüt-nesihat häsiýetli jümleleri saklaýar: 

Belent daglar belentligňe buýsanma
Göweçde suw bolan zer dek bolar sen.
Tereň derýa haýbatyňa guwanma
Wagtyň gelse gurap ýer dek bolar sen -
 

diýmek bilen şahyr derýanyň, daglaryň mysalynda adamzada iň gelişmeýän gylyk-häsiýet hasaplanylýan men-menligi inkär edýär.

Türkmeniň gözel tebigatyny wasp etmeýän bagşy-sazanda ýa şahyr ýok bolsa gerek. Çünki türkmen tebigaty – bu ylham çeşmesidir. Üstünden asyrlary geçirip, biziň şu günlerimize çenli gelip ýetip, ürç edilip okalýan Magtymguly Pyragynyň tebigaty wasp edýän goşgulary dünýä halklarynyň arasynda dürli dillerde terjime edilip okalýar. 

 

Röwşenbek ORUNOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.