logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Culture /Türkmen obasy – bagtyýarlyk mekany!
  14.10.2022
2342
Türkmen obasy – bagtyýarlyk mekany!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyzyň ähli sebitleri ýokary depginler bilen ösýär, ilatyň durmuşy rysgal-berekede beslenýär. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň ençemesi gurlup, täze ilatly bu ýerlere elektrik, gaz we suw geçirijiler, aragatnaşyk ulgamlary çekilýär. Netijede ýurdumyzyň iň bir uzak künjeklerinde hem gülzarlyga öwrülýän, şäherler bilen bäsleşýän nusgalyk türkmen obalary döredilýär. Bu bolsa şöhratly taryhynda ençeme döwletleri döreden gadymy hem müdimi türkmen topragynyň ägirt uly syýasy mümkinçiliklerinden, ykdysady kuwwatyndan habar berýär. Täze gurulýan obalarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, medeni maksatly binalar, sport desgalary, seýilgähler bina edilýär, bu gurulýan toplumlaryň bezeg aýratynlyklaryna hem aýratyn üns berilýär. Ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary oba ýaşaýjylarynyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bilen, gündelik durmuşyny, ýaşaýşyny döwrebaplaşdyrýar we mümkin bolan ähli ýeňillikleri eçilýär. Türkmen obalarynda döredilýän şeýle şertler halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşanydyr, raýatlarymyzyň ruhubelent dynç almaklygyna, döredijilikli hem-de yhlasly zähmet çekmekligine gönükdirilen beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýarlygyň mekany bolan türkmen obalarynda gurulýan binalaryň binýadynyň berkligi, maşgala ojaklarymyzyň abadanlygy, günübirin şaýat bolýan wakalarymyz gazanylýan üstünlikleriň nyşanydyr.

Üstünlikler bilen şöhratlanýan bagtyýar döwrümizde, parahat zeminimiziň üstünde asudalyk, abadançylyk, jan-saglyk, bolelinlik höküm sürsün. Bagtyýarlyk mekany bolan türkmen obasynda tutulýan toýlaryň joşgunly sesi belentden ýaňlansyn. Eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Wepa HALYMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.