logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Türkmen oba hojalyk institutynda bäsleşik geçirildi
  29.11.2023
1002
Türkmen oba hojalyk institutynda bäsleşik geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda talyplaryň arasynda geçirilen "ylmy iş taslamasy" atly bäsleşigiň soňky jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine "Ýaş alymlyk baýragynyň" ýeňijisi diýlip yglan edildi.

 


Bu bäsleşige islendik ýokary okuw jaýynda okaýan talyplar hem-de islendik ýylda okaýan talyplar gatnaşdylar. Her bir talybyň alyp barýan ylmy iş taslamasyna seredilip emin agzalar tarapyndan baha berilýär. 

 


Ylmy taslama işi esasan oba hojalyk ugruna degişli. Olar Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, bugdaýyň köp däneli sortuny oýlap tapmak, topragyň agergat ýagdaýyny kesgitlemek we ideg etmek, maldarçylygy ösdürmek ýaly ylmy taslamalary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa talyp ýaşlaryň zehinini açyp görkezmek ökde hünärmenleri ýetişdirmek babatda geçirlýär. 

 


Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna giň gerimli üns berilýär. Şeýlelik-de Türkmen oba hojalyk institutynda oba hojalygynyň önümçiligini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy taýýarlyk hünäri açyldy. 

 


Bagtyýar talyp ýaşlary şular ýaly şertleri döredilip berileni üçin okamana, öwrenmäne, döretmäge, işlemäge uly mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtýarlar.

 

Jeýhun Garaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.