logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Türkmen Milli tagamlary
  24.07.2021
7017
Türkmen Milli tagamlary

Türkmen halkymyzyň milli tagamlary, beýleki halklaryň naz-nygmatlary ýaly, öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar, dürli-dürliligi we özboluşlulygy bilen tapawutlanýar.

        Dograma – munuň özi türkmen halkynyň däp bolan ýörgünli milli naharydyr. Onuň ady hem ,,dogramak” diýen sözden gelip çykypdyr. Bu nahary taýýarlamak üçin iri-iri atylyp gaýnadylyp bişirilen täze goýun etini dograp, ony dogralan petir çörek bilen garýarlar. Oňa belli bir möçberde dogralan düýp sogan hem goşýarlar. Soňra bularyň hemmesini mazaly garýarlar. Taýýar bolan dogramany aýratynlykda tabaklara salyp, üstündin gyzgyn çorba guýýarlar we soňra oňa bir-iki çemçe guýruk ýagyny goşup saçaga äberýärler. Şeýlelik-de türkmen milli tagamy bolan dogramany taýýarlamak üçin et, çörek we sogan gerek bolup durýar.

        Türkmen milli tagamy bolan ,,Tamdyrlama” maşgalanyň iň gowy görýän nahary bolup, ol dost-ýarlar, myhman gelende ýa-da toý-baýramlarda taýýarlanylýar. Bu tagamy taýýarlamak üçin ýokary hilli goýun eti ulanylyp, nahar tamdyrda bişirilýär. Eti tutuş uly böleklere, ýagny gollara, butlara we oňurgalyklara bölmeli, soňra eti gowy duzlap, duz etiň ähli ýerine deň derman ýeter ýaly etmeli. Arassalanan sogany, ukroby, petruşkany we gök sogany maýda dograp, lawr ýapragyny hem aralaşdyryp goýup, üstüne duz we burç sepip bir sagat ýaly goýmaly. Aýratyn gazanyň içine taýýarlanan dürüşdäni we ardylan kädidir kartoşkany, noýbadyr käşiri, pomidory salmaly. Tamdyrda ojardan ot ýakyp, tamdyr gowy gyzan soň içi dürüşdeli gazany közüň üstünde ýerleşdirmeli. Soňra iki sany ýogyn demir simi tamdyryň agzyna germäp, et böleklerini halkalaryň üsti bilen şol sime saraşdyryp berkitmeli. Soňra tamdyryň hiç bir ýerinden bug çykmaz ýaly ilki körüklerini gowy ýapmaly, soňra tamdyryň agzyny hem oňa laýyk bolan gazan ýa-da gapak bilen ýapyp ony hem suwamaly. Şeýlelikde bu tagam 1,5-2 sagat wagtyň dowamynda taýýar bolýar.