logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygyny öwrenýär
  03.12.2025
573
Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygyny öwrenýär

Türkmenistanda Günorta Koreýanyň Pusan milli uniwersitetiniň professorlarynyň gatnaşmagynda ýerli lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýörite okuw maksatnamasy üstünlikli tamamlandy.

 

Wekiliýetiň düzümine akupunktura, däp bolan dermanlyk ösümlikleriň farmakologiýasy we koreý lukmançylygynyň binýatlaýyn nazaryýeti boýunça hünärmenler girdi. Maksatnama Türkmenistanyň Halkara bilim we ylmy merkezinde geçirildi we dört tapgyrdan ybarat bolup, nazary bilimleri hem-de amaly sapaklary öz içine aldy.

 

Okuwa gatnaşan lukmanlar koreý lukmançylygynyň barlag we bejeriş usullaryny içgin öwrenip, akupunktura hem-de saglygy dikeldiş tehnikalaryny özleşdirdiler. Şeýle hem dermanlyk ösümlikleriň we olaryň esasynda taýýarlanan serişdeleriň ulanylyş aýratynlyklary bilen tanyş boldular. Maksatnama kliniki tejribe alyşmagy, amaly ýagdaýlary seljermek arkaly alnan bilimleri gündelik lukmançylyk işine ornaşdyrmagy göz öňünde tutdy.

 

Guramaçylar bu taslamanyň türkmen lukmanlarynyň hünär mümkinçiliklerini giňeltmäge, häzirki zaman we däp bolan bejeriş usullaryny durmuşa ornaşdyrmaga hem-de saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hyzmat edýändigini nygtadylar.

 

Mundan öň hem Türkmenistandan ýörite topar Pusan milli uniwersitetiniň koreý lukmançylyk hassahanasynda tejribe geçip, däp bolan bejerişiň döwrebap lukmançylyk tehnologiýalary bilen utgaşdyrylmagy bilen tanyşypdy.

 

Okuw tamamlanandan soň gatnaşyjylara maksatnamany üstünlikli özleşdirendiklerini we hünär derejesini ýokarlandyrandyklaryny tassyklap şahadatnamalar gowşuryldy.

 

Mähri NURLYÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
mugallymy.