logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Türkmen kompaniýalary “UzFood 2024” halkara sergisine gatnaşdylar
  05.04.2024
588
Türkmen kompaniýalary “UzFood 2024” halkara sergisine gatnaşdylar

“Okgun” we Türkmenistanyň “Halk Hazyna” hojalyk jemgyýeti 2024-nji ýylyň 26-njy martyndan 28-nji martyna çenli Daşkentde geçirilen “UzFood 2024” halkara söwda sergisinde öz önümleri bilen gatnaşdylar. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) sosial ulgamynda habar berildi.

 

Konditer önümlerini öndürýän Okgun kompaniýasynyň ýolbaşçylary serginiň dowamynda dürli ýurtlaryň alyjylary bilen birnäçe duşuşyk geçirip, eksport etmek we Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de Täjigistanyň bazarlaryna girmek mümkinçiligini öwrendiler. Özbegistanyň we daşary ýurtlaryň 40-dan gowrak kompaniýasy Okgun konditer önümlerini import etmäge gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, Korzinka we Marko ýaly belli Özbek bölek satuw zynjyrlary Okgun önümlerini satmaga gyzyklanma bildirdiler. Sergi mahalynda Türkmenistanda “Innovapak” markasy bilen plastmassa gaplamalary öndürýän öňdebaryjy "Halk Hazynanyň" wekilleri birnäçe gepleşiklere gatnaşdylar we Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Hytaýdan 50-den gowrak kompaniýa bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrendiler.

 

Mundan başga-da, kompaniýanyň wekilleri Özbekistandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan innowapak markasy bilen öndürilen gaplama önümlerini import etmek isleýän hyzmatdaşlary bilen birnäçe duşuşyk geçirildi. “UzFood 2024” halkara sergisi azyk önümçiliginde we azyk önümlerinde esasy sergi bolup, her ýyl Özbegistanda we daşary ýurtlarda azyk senagatynyň öňdebaryjy öndürijileri, üpjün edijileri we distribýutorlary gatnaşýarlar.

 

Döwran HOJAGULYÝEW,
Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň
1-nji ýyl talyby.