logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz
  15.04.2022
1722
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz

Ýakynda, Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň medeniýet öýünde  “Türkmeniň keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz” atly bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatyň ýaşaýjylary, mugallymlar şeýle-de çeper höwesjeňler gatnaşdylar.

Bäsleşikde çykyş edenler, ýurdumyzyň milli keşdeçilik sungatyny we milli mirasymyzy dünýä derejesine çykarmak şeýle-de ösdürmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňleri aýtdylar we ussatlyk bilen ýerine ýetiren el işlerini görkezdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.