logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Türkmen kärhanalary birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar
  21.03.2024
607
Türkmen kärhanalary birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar

Türkmen kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda geçirilen serginiň çäklerinde guralan maslahatda birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryna, ähtnamalara gol çekdiler.

 

“Bagdan” hojalyk jemgyýeti bilen Türkiýäniň “Bulutlar Kuruyemiş Tarim” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama mekgejöwen çipsilerini, pisse maňyzlaryny, lukumlary, wafli kökelerini, süýjüleri doganlyk ýurda eksport etmegi göz öňünde tutýar.

 

Hojalyk harytlaryny öndürmek üçin himiýa serişdelerini satyn almak maksady bilen, “Täç hil” hususy kärhanasynyň we Türkiýäniň “Ostan Grup Diş Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda hem şertnama gol çekildi.

 

“Belli tilsimat” hojalyk jemgyýeti bilen “Sinergiýa” kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen resminamalar maglumat tehnologiýalary ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, bu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

 

Didarmuhammet MEREDOW,

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 

institutynyň talyby.