logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Türkmen – Italiýan gatnaşyklary ösdürilýär
  26.03.2024
623
Türkmen – Italiýan gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmen wekilýetiniň Italiýanyň Rim şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda demir ýol we deňiz ulag pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri dogrusynda maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenbaşy Neopol portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrligi habar berýär.

 

 

Mundan başga-da duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň we başgada birnäçe ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler. Aýratyn hem arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak babatynda ýurtlaryň arasynda uzak möhletli gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti ulydygy nygtaldy.

 

 

Duşuşygyň ahyryda bolsa 2025-nji ýylda Rim şäheriniň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologiki sergisini geçirmek barada resminama gol çekildi.

 

Nurly Akmyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.