logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Politics /Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi
  21.09.2026
215
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda uly dabara geçirildi. Bu maslahat Koreýa Respublikasynyň meşhur Songýungwan uniwersiteti tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen derejäniň berilmegine bagyşlandy.

 

Çärä gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyzyň Daşary işler we Bilim ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bar. Şeýle hem maslahata ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlar, ylym işgärleri, žurnalistler we talyplar gatnaşdylar.

 

Dabarany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow alyp bardy. Ol öz çykyşynda Songýungwan uniwersitetiniň bu abraýly derejäni gowşurmagynyň döwlet Baştutanymyzyň bitiren uly hyzmatlarynyň ykrar edilmesidigini belledi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryny kämilleşdirmekde, şeýle hem Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny beýgeltmekde goşýan uly şahsy goşandyna ýokary baha berilýändigi nygtaldy.

 

Mundan başga-da, Songýungwan uniwersitetiniň dünýäde iň gadymy hem-de halkara ylym-bilim giňişliginde uly hormatdan peýdalanýan ýokary okuw mekdepleriniň biridigi barada aýdyldy.

 

Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki, özara düşünişmegi we medeni-ynsanperwer ösüşi çuňlaşdyrmakdaky işjeň ornuny tassykladylar. Bu wakanyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ylym, bilim, sanly ulgam we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy täze derejä ýetirjekdigi bellenildi.

 

Dabaranyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

 

Tumar BAKYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.