5–7-nji sentýabrda Parižde geçirilen «Who’s Next» halkara hünär moda sergisinde Türkmenistanyň «Desert Heritage», «Binaym» we «AYM» brendleri, şeýle hem dizaýner Mukaddes Ibragimowa öz täze kolleksiýalaryny hödürlediler. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berdi.
Serginiň öňüsyrasynda, 2–5-nji sentýabrda türkmen telekeçileri üçin Pariže tanyşlyk sapary geçirildi. Saparyň dowamynda gatnaşyjylar «Texworld», «Premiere Vision» we «Who’s Next» ýaly halkara derejeli dokma we moda sergilerine baryp, pudakdaky täze ugurlar bilen tanyşdylar.
Saparyň çäklerinde türkmen telekeçilerine Pariždäki garaşsyz butikleriň, söwda dükanlarynyň we medeni edaralaryň işi bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döredildi. Bu duşuşyklar arkaly gatnaşyjylar moda we dokma pudagyndaky häzirki meýiller, täze materiallar we tehnologiýalar, şeýle hem önümleri Ýewropa bazaryna çykarmagyň usullary barada amaly tejribe topladylar.
«Who’s Next» sergisinde türkmen brendleriniň hödürlän kolleksiýalary Italiýa, Fransiýa we Ispaniýa ýaly ýurtlardan gelen hünärmenleriň ünsüni çekdi. Gatnaşyjylar sergi önümlerini potensial alyjylara netijeli tanyşdyrmak, brendiň bazardaky ornuny kesgitlemek, sergi meýdançasyny döwrebap bezemek we müşderiler bilen aragatnaşyk saklamak boýunça häzirki zaman çemeleşmelerini hem öwrendiler.
Türkmen dizaýnerleriniň we brendleriniň Pariždäki sergä gatnaşmagy «Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäginde Halkara Söwda Merkeziniň goldawy bilen amala aşyryldy. Taslama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.
«Who’s Next» sergisinde täze kolleksiýalaryň görkezilmegi türkmen dokma önümçiliginiň däp bolan aýratynlyklaryny häzirki zaman dizaýn çözgütleri bilen utgaşdyrýan önümleri halkara moda jemgyýetçiligine tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Merjen SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.