Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi geçirilýär ✦ ✦ Bütindünýä durnukly ulag güni ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri kämilleşdirilýär ✦ ✦ Körpe nesiller hakda alada ✦ ✦ Bitaraplyk — köňülleriň birligi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasynyň 70-den gowrak kompaniýasy sergä gatnaşarlar ✦ ✦ Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerini Hytaýdaky sergilere çagyrýarlar ✦ ✦ Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Arkadag şäheri — gelejegiň şäheri ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen bedewi – gözelligiň nusgasy
  03.06.2022
1034
Türkmen bedewi – gözelligiň nusgasy

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Bu gün gözelligiň we ýyndamlygyň ajaýyp nusgasy bolan ahalteke bedewiniň şan-şöhraty dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan  rowaçlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dünýä bedewleriniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan ahalteke bedewleri özlüniň owadanlygy, saýhally gylyk häsiýetliligi hem-de düşbüligi bilen älemde tanalýan ahalteke atlary halkymyzyň genji-baýlygydyr, göz-guwanjydyr, köňül buýsanjydyr, halal milli mirasydyr. Türkmen halky towsanaklap ýören taýçanakdan älemi baglajak bedewi, wepadarlyga duýgur alabaý itlerini, oýnap ýören oglanjykdan ýurt hökümdaryny ýetişdirmegi başaran halk. Köpýyllyk tejribeler netijesinde kemala gelen ahalteke bedewleri mähirli gatnaşyklara, dostluga, wepadarlyga duýgurdyr. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu pudagy ylmy esasda ösdürmäge, bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmäge, döwrebap atçylyk sport toplumlaryny gurmaga we şeýle hem atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga degişli nusgalyk başlangyçlar wysal bolýar. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiziň milli atçylygyň ajaýyp däplerini gaýtadan dikeltmek, bu pudagy dünýä derejesine çykarmak boýunça alyp barýan işleriniň netijeli häsiýete eýediginiň ýenede bir gezek aýdyň mysalydyr.

     Mähriban halkymyz bedewlere bolan söýgüsini, parasatlylygyny nesillere geçirip, milli däplerini dowam etdirýär. Elbetde, diňe şeýle ýol bilen gadymy däp-dessurlar täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Aslyýeti merdanalyga, gahrymançylyga ýugrulan halkymyzyň şan-şöhratly taryhynyň jümmüşine aralaşanyňda hem, türkmen halkynyň milli ýaşaýyş medeniýetinde uly orun eýelän behişdi bedewleri hem-de türkmen alabaýy gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýow gününde ýoldaşy, toý gününde syrdaşy bolup gelipdir. Türkmen ýaýlasynda öwüsýän ýeller kimin ýyndam, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň gaýtalanmajak güwäsine öwrülen türkmen bedewleri mähriban halkynyň dünýä çykaran gaýtalanmajak sungatydyr. Bagtyýar halkymyz parasatly ata-babalarymyzdan bagtyýar nesillere miras galan bahasyna ýetip bolmajak bu gymmatlyklary bu gün başynyň täjine deňeýär. Tebigat bilen sazlaşykda dörän, uz ýörişli bedewlerimiziň ýyndamlygynda, türkmen alabaýynyň wepadarlygynda pederlerimiziň çuňňur söýgüsine eýlenen halal hem-de yhlasly zähmeti bar.

     Goý, at-owazasy asyrlaryň jümmüşine ýaň salýan türkmen bedewiniň şan-şöhraty “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda barha dabaralansyn! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan belent maksatly işleri rowaçlyklara beslensin!

Aýperi BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.