logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Economics /Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda
  27.06.2026
167
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda

Azerbaýjan Hazar deňziniň günbatar kenarynda ýerleşýän döwlet bolup, deňiz gatnawlary ýurduň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Deňiz ulaglary arkaly ýükler we ýolagçylar daşalýar, halkara söwdasy ösdürilýär hem-de sebitdäki ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlyk berkidilýär.

 

Ýurduň paýtagty Baku şäherinde Azerbaýjanyň iň uly deňiz porty ýerleşýär. Bu port ýükleri kabul etmek, ugratmak we üstaşyr beýleki ýurtlara ibermek boýunça Hazar sebitiniň iň iri logistik merkezleriniň biri hasaplanýar. Portda konteýnerler, nebit önümleri, däne we beýleki dürli görnüşli ýükler daşalýar. Häzirki wagtda hem hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şeýle ösüşleriň gazanylmagynda gämi gatnawlaryna aýratyn orun degişlidir. Munuň şeýledigini «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ilkinji ýüzüşini Azerbaýjana amala aşyrandygy bilen-de delillendirmek mümkin. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda döwlet saparynyň çäklerinde «Dostluk» tankeriniň türkmen tarapyna sowgat berilmegi, saparyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Bu ajaýyp sowgady türkmen halky özüne bildirilen hormat hökmünde kabul etdi.

 

Azerbaýjanyň deňiz gatnawlary barada söz açsak, ol ýurduň eksport we import işlerinde möhüm orun eýeleýär. Ýurtda öndürilýän nebit, gaz we beýleki önümler Hazar deňzi arkaly goňşy döwletlere ýetirilýär. Şeýle hem Gazagystan, Türkmenistan we beýleki Hazarýaka döwletler bilen söwda gatnaşyklary deňiz arkaly ösdürilýär.

 

Soňky ýyllarda Azerbaýjan deňiz ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga uly maýa goýýar. Täze terminallaryň gurulmagy, sanly dolandyryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy we ulag geçelgeleriniň giňeldilmegi ýurduň halkara üstaşyr merkez hökmündäki ähmiýetini artdyrýar.

 

Azerbaýjanyň deňiz gatnawlary diňe bir ýurduň ykdysady ösüşine däl, eýsem, Hazar sebitindäki halkara söwda we logistika ulgamynyň ösmegine hem uly goşant goşýar. Geljekde bu pudagyň has-da kämilleşdirilmegi Azerbaýjanyň sebitdäki strategik ornuny has-da pugtalandyrar. Bu işlerde ýurdumyzyň hem işjeňlik görkezmegi doganlyk ýurt bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder. Şeýle gatnaşyklaryň esasy ösüş şerti bolup, Hazar üsti bilen amala aşyrylýan ýük, gämi gatnawlary çykyş edýär.

  

Atamyrat GYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady

gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.