Türkmen alymlary wideoaragatnaşyk arkaly Moskwada geçirilen «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esaslary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar, diýip, Ýelena Dolgowa "Türkmenistan:Altyn asyr" neşrinde habar berýär.
Bu çärä Russiýa Ylymlar akademiýasynyň 300 ýyllygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň Federal Döwlet býujetindäki A.N.Kostýakow adyndaky «Gidrotehnika we suwaryş ylmy merkeziniň» (VNIIGiM, Moskwa) 100 ýyllygy mynasybetli guraldy. Bu merkez, türkmen gidrotehnikasynyň döremegi we Garagum derýasynyň gurluşygy bilen berk baglanyşyklydyr.
Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Olar türkmen alymlarynyň serhetýaka zolaklardaky hatardan çykan ýerleri dikeltmek, Günorta-Günbatar Köpetdagyň ýabany miweli ösümliklerini we «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töweregindäki ösümlikleri öwrenmek boýunça taýýarlan çykyşy bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň esasy meselesi suwdan köp babatda peýdalanmak bilen baglanyşykly boldy.
Sebitimiziň alymlaryny suwaryş usullaryny kämilleşdirmek, tohumçylyk üçin ýerleri suwarmak, gidromelioratiw ulgamlar ulanylanda maglumat-hasaplaýyş kompleksiniň PTK-sy bilen suwdan peýdalanmagy meýilleşdirmek, biosfera taýdan tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak ýaly meseleler gyzyklandyrdy.
Maslahatda kyn tebigy şertlerde liman suwaryş ulgamlaryny ulanmak, ot-iým önümçiligini ösdürmek, basymsyz suwaryş ulgamynyň netijeliligini artdyrmak we suwuk organiki dökünleriň ulanylyşy bilen baglanyşykly inženerçilik çözgütler hakynda hem gürrüň edildi.
Maslahata gatnaşan alymlar dürli ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar, öz gazananlaryny we ylmy ösüşlerini paýlaşyp, geljekki taslamalary hakynda pikir alyşdylar.