«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ösüşlere beslenýän şan-şöhratly günlerinde Gahryman Arkadagymyz halkymyza «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny peşgeş berdi. Bu ajaýyp kitaby okanyňda, geçmiş bilen şu güni, şu gün bilen ertäni sazlaşykly baglanyşdyrýan milli ýörelgelerimiziň gymmatyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiziň täze kitabynyň many-mazmuny halkymyzyň ruhy hazynasyny baýlaşdyrýar. Ajaýyp kitapda Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada täsirli gürrüň berilýär.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň döwletlilik, millilik ýörelgelerini çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň taryhyň dowamynda döredilen milli gymmatlyklarda, medeniýetde, edebiýatda, sungat eserlerinde öz beýanyny tapyp, umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellemek gerek. Bu ajaýyp kitap durmuşa söýgi, birek-birege hormat, Watana buýsanç, däp-dessurlarymyza sarpa döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nusgawy we köpugurly eseri halkymyzyň döwrüň synaglaryndan geçen ýol-ýörelgelerine, dünýewi garaýyşlaryna, edim-gylymlaryna siňen durmuş tejribelerine salgylanýar. Milli Liderimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, ylmy taýdan esaslandyrylan gymmatly maglumatlary özünde jemleýän her bir eseri ähli türkmen halkymyz üçin ýol görkeziji gollanmadyr. Eserdäki durmuş tejribesine esaslanýan kämil garaýyşly pikirler her bir okyjyny çuňňur bilim almaga, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny artdyrandygy buýsançlydyr. Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze eseri halkymyzyň geçmiş taryhyny, döredijilik mirasyny öwrenmäge ýol açýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri gadymy edebiýatymyzy hem-de taryhymyzy öwrenmekde-de gymmatly çeşme hasaplanýar. Sözüň doly manysynda bu ajaýyp kitap halkymyzyň uzak asyrlardan bäri dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgelerini çuňňur öwrenmegiň hem-de olara sarpa goýmagyň, geljegimiz bolan ýaşlara öwretmegiň baş çeşmesidir.
Baýnazar TÄÇMEDOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Pedagogika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.