Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk — türkmeniň beýik taglymy
  11.12.2024
162
Bitaraplyk — türkmeniň beýik taglymy

Bitaraplyk ýörelgesi türkmen halkynyň taryhynda asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly aýratynlykdyr. Halkymyz goňşularydyr beýleki halklar bilen ylalaşykly, arkalaşykly ýaşamagyň we bir-biregi goldamagyň, hemaýat bermegiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýokary nusgasyny görkezýär. Şunuň esasynda, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolmak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda bu guramanyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 28 sany Kararnama kabul edildi.

 

Täze taryhy döwürde eziz Watanymyzyň içerki syýasaty «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýlen baş şygarlarymyzdan ugur alýan bolsa, daşary syýasy ýörelgämiz «Açyk gapylar», «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog ― parahatçylygyň kepili» ýörelgelerimizden ugur alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda  Rezolýusiýa kabul edildi.

 

Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, dünýäniň syýasy giňişliginde mynasyp orun tutýandygy, ykdysady taýdan kuwwatlydygy, syýasy taýdan durnukly hem asudadygy, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýandygy, ynamdar hyzmatdaş hökmünde dünýä ýurtlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýandygy nazara alnyp, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa ikinji gezek 193 sany BMG-ä agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edildi.

 

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýasy kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde dünýäniň sazlaşykly ösüşine işjeň goşant goşýandygynyň subutnamasydyr.

 

Halkyň durmuşynda uly yz goýan her bir sene mukaddeslik hökmünde  halkyň taryhyna girýär. 12-nji dekabr hem türkmen halkynyň durmuşynda täze bir ýol-ýörelgäniň jarçysy boldy. Bütin halkymyz ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny uly dabaralar bilen belleýär. Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, azatlygynyň, mizemezliginiň hemişelik kepili bolup kalplarymyzy buýsançdan doldurýar.

 

Enejan HUDAÝBERDIÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 57-nji orta mekdebiň mugallymy.