Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dil — halklary birleşdirýän köpri
  14.12.2024
83
Dil — halklary birleşdirýän köpri

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin-de uly işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Şoňa laýyklykda, umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim alýan ýaş nesillere daşary ýurt dilleri babatda innowasion usullardan giňişleýin peýdalanylýar. Okuwçylaryň öwrenýän daşary ýurt dilinde erkin gürläp bilmek endikleri gazanylýar. Şunda rus we iňlis dillerine aýratyn orun degişlidir.

 

Okatmagyň serişdelerini kämilleşdirmek islendik sapakda bolşy ýaly, okuwçylara daşary ýurt dilleri öwredilende hem möhümdir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýokarda agzalan Konsepsiýa laýyklykda bu ugurdaky sapaklar ýokary hil derejesinde we baý mazmunda guralýar. Bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi okuwçylaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Konsepsiýada daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda hem daşary ýurt dilini okatmakda ulanylýan bilim tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

 

Ýene-de aýratyn bellemeli zat, rus dili sapaklarynda sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň peýdalanylmagy öwrenilýän sapagyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu sapaklarda duýga täsir ediş serişdelerini, yşyk, ses, saz bezeglerini peýdalanmak has-da netijeli bolup durýar. Çünki okuwçylar täzeçillige uly gyzyklanma bildirýärler. Geçilýän sapaklara degişli sanly görkezme serişdelerini peýdalanmak arkaly okuwçylaryň daşary ýurt dili boýunça öwrenenleri özleşdirilýär. Okuwçylaryň işjeňligini, sapaga bolan söýgüsini gazanmak, şeýle-de ýadawlygyny aýyrmak üçin sapagyň dowamynda tema degişli hereketli oýunlary oýnatmak hem netijelidir. Bu bolsa olaryň ruhuny has-da belende göterip, öwrenýän rus dilindäki täze sözlerini ýadynda berk saklamagyna ýardam berýär.

 

Jemläp aýdanyňda, rus dili boýunça geçirýän hepdeliklerimiz, göreldeli sapaklarymyz, synpdan daşary çärelerimiz, ders bäsleşiklere taýýarlyklarymyz we beýleki guramaçylyk işlerimiz bolsa bu ugurda öwrenilenleri özleşdirmekde oňyn netijeli häsiýete eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesline bilim terbiýe bermek, şeýle-de daşary ýurt dillerini öwretmek üçin döwrebap mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

 

Maral AMANDURDYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň rus dili mugallymy.