Geçmişde edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, şöhratly yz galdyran halkymyzyň parahatçylyk ýörelgeleri täze taryhy döwürde hem dünýäde belent ykrara eýe bolýar. Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny ylym we taryhy garaýyşlar subut etdi. Ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşip, dünýäniň ençeme halklary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barypdyr. Diýmek, parahatçylygy üpjün etmekde gymmatly tejribeler toplanyp, ol halkymyzyň kämil ýörelgeleriniň birine öwrülendir.
Taryhy tejribelerden ugur alyp, türkmen halky garaşsyzlygy gorap saklamagyň berk daýanjy, synmaz sütüni bolan hemişelik Bitaraplygyň 29 ýyllyk baýramyny garşylaýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary üçünji müňýyllygyň çylşyrymly halkara ýagdaýlarynyň çäginde gymmatly tejribe, nusgalyk ýol bolup öňe çykýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolmak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda bu guramanyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 28 sany Kararnama kabul edildi. Munuň özi döwletimiz üçin örän uly abraýdyr.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynda halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy, şunuň bilen birlikde-de, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen arkalaşykly işlere giň gerim berilýär. Sebit ykdysady birleşikleri bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasy we ençeme beýleki sebit düzümleri bilen hem hyzmatdaşlygyň geljegi uludyr.
Bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek we utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi esasynda şu ýylyň martynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Ýakynda, has takygy, 6-njy dekabrda bolsa geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň we degişli resminamalaryň taslamalary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrýar.
Arazjemal NURMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň
Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.