Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany
  15.12.2024
1363
Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany

Türkmenistan Garaşsyzlyk gününden bäri geçen 33 ýylyň dowamynda netijeli, oňyn we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyrdy. Bu strategiýa hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we halkara dialogynyň ösdürilmegi bilen dürli taraplar bilen işbirligini giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda başlanan, häzirki wagtda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilen bu syýasat, ýurduň häzirki zaman meselelerini çözmäge işjeň we maksada okgunly gatnaşmagy üpjün edýär.

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň syýasy we diplomatik ulgamlarynda möhüm üstünlikler gazanyldy, ykdysadyýetde döwrebaplaşdyrma işlerine uly üns berildi, halkyň abadançylyk derejesi ýokarlandy we giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda" kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, pudaklary ösdürmek we milli maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

 

Türkmenistan, içki ykdysady we syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegi, işewürlik we maýa goýum ulgamynyň güýçlendirilmegi arkaly halkara gatnaşyklarynda netijeli we oňyn hyzmatdaşlyk edýän döwlete öwrüldi. Bu, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, tebigy serişdeler we logistik kuwwat bilen birleşip, halkara hyzmatdaşlyklarynda üstünlik gazanmagyň esasyny emele getirýär. Türkmenistan, ählumumy ösüşiň meselelerine oýlanyşykly çemeleşmeler we deňeçerlik esaslanýan ýörelgeleri bilen halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi durmuşa geçirmekde mynasyp orun eýeleýär.

 

Türkmenistanyň daşary syýasaty ähli ýurtlaryň we halklaryň abadançylygyny gazanmak, özara ynanyşmak we düşünişmek prinsiplerine esaslanýar. Bu çemeleşmeler ýurduň halkara gatnaşyklarynda giňden tanalýan we örän möhüm orun alýan strategik ulag we ykdysady merkez bolup, global parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam berýär.

 

Maral JUMAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň
II ýyl talyby.