Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Çeperçilik medeniýetiniň mirasy
  14.12.2024
203
Çeperçilik medeniýetiniň mirasy

Türkmen halysy — çeperçilik medeniýetiniň iň gymmatly hem-de iň kämil miraslarynyň biri. Ol türkmen halkynyň guwanjyna hem buýsanjyna öwrülip, kämilleşe-kämillleşe asyrlardan-asyrlara aşyp, nesillerden-nesillere geçip, biziň günlerimize ýetirilipdir.

 

Türkmen gelin-gyzlary haly sungatynyň inçe tilsimlerini doly ele alyp, onuň dürli görnüşlerini döredipdirler. Bu görnüşler göwrümine hem-de ulanylýan ýerlerine baglylykda dürli-dürli dokalyp, dürli-dürli atlandyrylypdyr. Haly önümleriniň 40-dan hem köpräk görnüşi bize mälim bolup, ol halkymyzyň durmuş zerurlyklary, milli däp-dessurlarymyz bilen berk baglydyr. Olar özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyşlarynyň, reňkleriniň aýratynlygy bilen tapawutlanypdyr.

 

Müňýyllyklaryň synagyna döz gelen dürli öwüşginli, dürli görnüşli türkmen halylary öýlerimiziň iň arzyly ýerini — törüni bezeýär. Türkmen iň hormatly myhmanyny halynyň üstüne geçirýär. Ol — toý-dabaranyň hem ýaraşygy. Öňler gelnalyja gidýän bedewler, kejebeli düýe nagyşlara beslenen halylar bilen bezelse, häzir toý maşynlary onuň bilen örtülýär. Ýaňy ýörjen-ýörjen bolan körpejäniň ilkinji ädimleri halynyň üstünde ätleýändigi hem tötänden däldir. Bu — biziň halkymyzyň durmuşyna halynyň şeýle mäkäm ornaşandygynyň alamaty.

 

Haly hakynda gürrüň gozgalsa, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan haly sungatyna bagyşlanan “Janly rowaýat”  atly kitaby derrew ýadyňa düşýär. Bu eserde haly dokamagyň syrlary, halynyň görnüşleri, hala salynýan gölleriň, nagyşlaryň taryhy, haly dokamagyň aýratynlyklary, şeýle-de olaryň ulanylyş maksatlary hakynda giňişleýin durlup geçilýär. Bu kitap gözelligiň nusgasy bolan türkmen halylarymyzyň mertebesini ýene bir gez beýgeldýär.

 

Eşretli zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halyçylyk sungatyna uly üns berilmegi, çeper elli halyçy zenanlarymyza uly goldaw-hemaýat edilmegi bu inçe sungatyň has hem pajarlap ösjekdigine doly güwä geçýär.

 

Tawus BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
Weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.