Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, onuň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksadymyzdyr.
Biziň ýaşaýan zamanamyz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň, döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter, multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, netijede, bilim ulgamyny täzeçil ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem Türkmenistan milli bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda Bir-leşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Guramanyň ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO ýaly ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýär.
Halkymyzda «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen paýhas bar. Çünki bilim — jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlyk. Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýgözel BEKIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.