Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Täze ýylyň şatlygy
  17.12.2024
167
Täze ýylyň şatlygy

Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, köp garaşdyran Täze ýyl baýramy bosagada dur. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenilýär hem-de geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär.

 

Tamamlanyp barýan 2024-nji ýylyň ýene-de bir möhüm waka beslenendigini bellemek gerek. Şu ýylyň soňky günlerinde Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserini peşgeş berdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu kitabyň neşir edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Sebäbi bu eserde şöhratly geçmişimizden söz açylýar.

 

Egsilmez zähmet üstünliklerine, uly rowaçlyklara, päk arzuw-niýetlere beslenen 2024-nji ýylymyz özüniň rysgal-bereketi bilen halkymyzy guwandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli ugurlarda üstünlige beslenen bu ýyl her bir adamyň kalbyna buýsanç, ýüregine mähremlik çaýdy. Täze ýyl baýramynyň şu ýakymly pursatlarynda her bir ynsanyň iň bir ýakynlaryny gutlamaga, dost-ýarlaryna, dogan-garyndaşlaryna, goňşy-golamlaryna päk arzuwlar etmäge howlukmagy pederlerimiziň asylly däpleriniň dowamat-dowamdygyny alamatlandyrýar.

 

Täze ýylyň her bir ýüregi joşduryşy ýaly, biz — talyp ýaşlaryň hem kalbyny süýji-süýji arzuwlara besleýär. Ajaýyp arzuwlara beslenýän, tolgundyryjy bagtly günleri eçilýän Täze ýyl biziň her birimiziň ykbalymyza nur çaýýar.

 

Her bir ynsan ýakynlaryny, dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny iň süýji sözler bilen mähirli gutlaýar. Merjen şäher Aşgabadymyzyň Baş arçasy paýtagtymyza gelen myhmanlara ruhubelentlik eçilýär. Arçalaryň daşyndan aýlanýan eýjejik çagajyklaryň gülki sesleri, şirinden-şirin aýdymlary, olara sowgatdyr şatlyk paýlaýan Aýazbabadyr Garpamygyň mähirli gutlag sözleri özboluşly gözellik. Adamlaryň ýürek joşgunly sözleri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş bolup ýaňlanýar. Biz — talyp ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

Goý, Täze ýylda biziň ähli arzuwlarymyz hasyl bolsun! Parahat we asuda durmuşyň şatlygy, täze gözýetimleri, mümkinçilikleri açýan ertirki güne ynam hemmämize ýaran bolsun!

 

Hojamät AŞYRMEDOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.