Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim bilen beýgelýäris!
  17.12.2024
46
Bilim bilen beýgelýäris!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene-de bir taryhy ýyly jemlenip barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem uly üstünlikler gazanyldy.

 

Bilşimiz ýaly, bu ýylda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy hem tassyklanyldy. Bu resminama okatmagyň milli we dünýä tejribesini utgaşdyryp, tejribe babatda has-da kämilleşmäge, okuwçylaryň nazary we amaly bilimlerini netijeli özleşdirmeklerini gazanmaga itergi berýär.

 

Biz hem bu ajaýyp ýylyň bilim babatdaky üstünliklerine mynasyp ses goşmak, goşant goşmak, usulyýet, guramaçylyk, bilim-terbiýeçilik işlerine işjeň gatnaşmaga çalyşdyk. Ýeri gelende bellesek, okuwçylarymyz bilen ders bäsleşiklerine, halkara derejesinde geçirilýän onlaýn olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolduk.

 

Ýeri gelende bellesek, ýylymyzyň taryhy şygaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şahyrana eserinden ruhlanyp, bu ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde hem täze sahypalary açdyk. Söz ussadynyň takyk ylymlar, hasaplamalar we meseleler bilen bagly edebi hazynasy okuwçylaryň bilimlerini we terbiýesini berkitmekde hem oňyn ähmiýetli boldy.

 

Umumy orta bilim berýän mekdebiň matematika mugallymy hökmünde işlerimiziň işjeň we netijeli häsiýetde dowam etmegi, bizi täze ýylda hem has ynamly we aýgytly gadam urmaga getirýär. Şeýle uly mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýän döwründe ýurdumyzyň altyn geljegi bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermek ulgamynda zähmet çekmek uly bagt. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

 

Sülgün ÇARYÝEWA,
Türkmengala etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň mugallymy.