Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri
  14.12.2024
183
Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda tamamlanyp barýan 2024-nji ýylymyzda-da, dana şahyryň goşgulary dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi. Olardan gruzin, özbek, gyrgyz, ermeni dillerdäki neşirleri agzamak bolar. Bu bolsa türkmeniň beýik oglunyň döredijiligi bilen dünýä halklarynyň tanyşmagynada ýardam etjegi ikuçsyz bolup, onuň şygyrlaryna gyzyklanmanyň artmagyna getirýär.

 

Täze terjimeleriň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda giň gerime eýe bolup, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem täsirli pursatlar bilen utgaşdy. Tanyşdyrylyş dabaralarynda doganlyk ýurtlaryň wekilleri akyldar şahyryň giň döredijiligi, çuňňur pelsepewi pikirleri dogrusynda söz açyp, täsirli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Magtymgula hormat goýmagyň bütin türkmeni sarpalamakdygy, onuň şygyrlary bilen tanyş bolmak türkmeniň kalby deý giň sährasyna aralaşmakdygy barada-da, pikirler orta atyldy.

 

Akyldar şahyryň doglan gününiň dünýä derejesinde baýram edilýän ýylynda onuň goşgularynyň öz dillerine terjime edilmegine uly gyzyklanma bildirýändikleri, muny özlerine goýulýan hormat hasaplaýandyklaryny doganlyk döwletiň wekilleri nygtadylar. Dogrudan-da, şeýle işleriň  amal edilmegi şahyryň döredijiliginiň halklary ýakynlaşdyrmakda-da, uly rol oýnaýandygyny äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi» diýmek bilen jaýdar belläp geçýär. Magtymgulynyň şeýle belent derejä eýe bolmagynyň aňyrsynda türkmenleriň söze sarpa goýýan halkdygy, medeniýeti, ruhy gymmatlyklary maddy baýlyklardan zyýat görýänligi ýatandyr.

 

Aýperi AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara  gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby
.