Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy
  15.12.2024
87
Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy

Üç asyrdan bäri türkmen halkynyň dürli syýasy, ykdysady, durmuşy öwrülişikleri başdan geçirendigine garamazdan, Magtymguly Pyragynyň giň mazmunly, çuň manyly şygryýetiniň gymmaty günsaýyn ýokarlanýar, syrly pikirleri bolsa, dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Il arasynda akyldar, pelsepeçi hökmünde tanalan nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bu günki gün ülkämizde we tutuş dünýäde giňden bellenilýär.

 

Beýik şahyryň şygyrlarynyň şirwan setirleri halk içinde nakyla, adamlaryň durmuş maslahatçysyna öwrüldi. Adaty sözleýişden tä ylmy garaýyşlara çenli, Pyragynyň pikir-pelsepelerine esaslanýar. Magtymguly Pyragy — türkmen halky üçin şahyrçylykdan hem ýokary, ruhy kämillige ataryjy gudrat derejesinde kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymgulynyň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri täze hyruç, täze ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun döredýär» diýmek bilen, şahyryň mertebesini beýgeldip, at-abraýyny äleme äşgär etdi.

 

Halkyň dünýägaraýşyna ýakynlyk, hüý-häsiýeti bilen bir perdeden gopup, milli düşünjelere, ynam-ygtykata esaslanmak kämillik ölçegleri hasaplanylýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ählisi ýokarda görkezilen ahlak düşünjesiniň bar bolan derejelerini süňňünde jemleýär. Akyldar şahyr durmuşdaky ýaşaýşy wagyz edýär, bütin adamzada bolan söýgüsini äşgär edýär. Adamlara halal ýaşamagy, ýagşylyk etmegi, erbet endiklerden sap bolmagy ündeýär. Beýik filosofyň eserleriniň beýikliginiň ýene-de bir alamaty onuň her bir şygryndan köptaraply many alyp bolýandygyndadyr. Şonuň üçin ylymlaryň ähli ugurlarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine orun bar. Şahyr islendik temadaky şygryny — taryhy beýan edende-de, dünýä akyl ýetirende hem jemleýji nokady öwüt beriji, wagyz-nesihat, sargyt ediji häsiýetde goýýar. Durmuşda gabat gelýän her bir soraga onuň nakyla öwrülen setirlerinden jogap tapmak mümkin. Islendik sorag ýüze çykanda, jogap hökmünde «Magtymguly şeýle diýipdir» diýseň, her bir adam kanagatlanmak bilen başyny atar.

 

Häzirki wagtda bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet portaly hem hereket edýär. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi. Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada we beýleki ýurtlarda türkmeniň beýik nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikler dikildi.

 

Magtymguly Pyragy dürdäne döredijiligi bilen türkmen edebiýatyny, edebi dilimizi ösdüren akyldar şahyrdyr. Ol durmuşyň ähli pursatlarynda hem halkyň wepaly ogly bolup galypdyr. Halkymyzyň ruhy şamçyragy, ýürek urgusy Magtymguly Pyragydan gözbaşly. Professor Mäti Kösäýewiň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň wepaly ogly Magtymguly Pyragy örän kiçi göwünli, edepli, salykatly, sypaýy adam bolupdyr, ol hiç wagtda ulumsylyk etmändir, men-menlik satmandyr, şöhrata kowalaşmandyr, adamkärçiligiň iň gowy sypatlaryny özünde birleşdiripdir.

 

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylmagynyň çäklerinde milli we halkara derejeli çäreler geçirilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymgulynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. ÝUNESKO-nyň Baş maslahaty tarapyndan 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy hem girizildi. Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda baýram edip, giňden bellemek hakynda Karara gol çekmegi watandaşlarymyzyň, doganlyk özbek halkynyň, şeýle hem dünýäniň edebiýatsöýüjileriniň köňlüni ganatlandyrdy. Bu wakalar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň diňe bir türki halklarynyň däl, eýsem, bütin dünýäniň edebiýat we medeniýet taryhynda aýratyn orun tutýandygyny görkezýär.

 

Milli Liderimiziň beýik şahyra bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy ähli ildeşlerimiz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi we daşary ýurtlarda-da oňyn seslenme döretdi. Hut şu ajaýyp setirler ýylymyzyň şygary hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Arkadagymyzyň milletimiziň baý medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça ýadawsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan yzygiderli işleri dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bilen bagly mowzuk döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda hem beýan edildi.

 

Bize akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny, terbiýeçilik ähmiýetli gymmatly şygyrlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden alkyş aýdýarys.

 

Aýnur HUDAÝBERGENOWA,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ
Halkara gatnaşyklary institutynyñ
Halkara žurnalistikasy fakultetiniñ III ýyl talyby.