logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Culture /Türkmen alabaýyna bagyşlanan sergi geçirildi
  17.10.2023
597
Türkmen alabaýyna bagyşlanan sergi geçirildi

Alabaý – biziň milli buýsanjymyzdyr. Adam üçin çyn dost gazanmak örän kyn. Dünýäde itleriň wepalylygy hakynda hem örän geň galdyrýan wakalar köpdür. Gadymy heňňamlardan, taryhyň iňňän çuňlugyndan salgym atyp, türkmen alabaýynyň keşbi janlanýar.

 

 

Sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan sergi gurnaldy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlar  özleriniň döredijilik eserlerini bäsleşik sergisine hödürleýärler. Bu bäsleşikde diňe bir türkmen alabaýyny nakgaşlykda, heýkeltaraşlykda we grafika beýan etmän, ony amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerinde, ýagny haly önümlerinde, zergärçilikde, keramikada şekillendirýärler.

 

 

Olaryň arasynda uly mugallym Oguljennet Mollaýewanyň  “Alabaý” atly gobeleni hem özüniň çeper çözgüdi, dokalyşy we reňk sazlaşygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Suratkeşiň bu eserinde türkmen alabaýynyň owadanlygyny, gaýratlydygyny görmek bolýar. Bu eseriň çitimleriň nepisliginden we reňkleriň sazlaşygyndan alabaýyň adama nähili wepalydygyny, olaryň her bir maşgalada ähmiýetli ornunyň bardygyny duýup bolýar. Diňe bir bu iş bilen çäklenmän biziň sungat ojagymyzda okaýan amaly-haşam sungaty kafedrasynyň talyp ýaşlarynyň hem ýerine ýetiren owadan işleri bellemäge mynasypdyr. Olar özüniň el işleri bilen tomaşaçylary özüne çekýär.

 

 

Olardan Dilber Pirmämmedowanyň “Çöldäki wepadarlar” atly gobeleninde türkmen alabaýy çopanyň çölde ýanynda ýoldaş bolup, wepadar dost hökmünde suratlandyrylýar. Ondaky alnan çitimler we reňkleri altyn güýzüň ýapraklarynyň sarysyny ýadyňa salýar. Alabaýdaky çitimler bolsa, onuň tüýleriniň nähili ýumşaklygyny görkezýär. Çynar Daşgynowanyň “Haýbatly” atly gobelen eserinde türkmen alabaýynyň kuwwatlygyny we her bir kynçylyga gaýduwsyz ýagdaýda eýesini gorap bilýändigini ýüň sapaklaryň üsti bilen beýan edipdir. Arzygül Agamyradowanyň haly torbasynda türkmeniň iň gadymy nagyşlarynyň biri bolan “it ýatak” nagşyny görmek bolýar. El işinde gyzyl, ak, gök, ýaşyl, gara reňkli ýüň sapaklardan dokalan nagyşlar gezekleşdirilip ýerleşdirilen. Leýli Nurlyýewanyň, Ogulşat Ödekowanyň, Gülaýym Ataýewanyň haşam güldanlarynda türkmen itleri bilen baglanyşykly milli äheňli nagyşlar çekilipdir. Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň III ýyl talyby Aýgözel Nuryýewanyň “Altyn aşygym, alçy gop” atly işinde keteni matasyndan ýerine ýetirilen türkmen milli oýunlarynyň biri hasaplanýan aşyklar salmak üçin niýetlenen ýan torbanyň daşyny latundan  ýasalan türkmen alabaýynyň keşbini şekillendirýär.

 

 

Döredijilik sergisi tomaşaçylary özüne çeken birnäçe işler sergilendi we şekillendiriş sungatynda hem türkmen alabaýynyň keşbi dürli temalarda öz beýanyny tapandygyny görkezdi.

 

Malika Şukurowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň Sungaty öwreniş
kafedrasynyň III ýyl talyby.