Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaplary geljekki nesiller üçin pähim-paýhas mekdebi ✦ ✦ Stomatologiýada ulanylýan enjamlaryň fiziki häsiýetleri ✦ ✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkiýede «Halkara Magtymguly Pyragy simpoziumy» geçirildi
  24.10.2023
357
Türkiýede «Halkara Magtymguly Pyragy simpoziumy» geçirildi

Ýaňy-ýakynda Türkiýäniň Ankara Ynsanperwer ylymlary uniwersitetiniň Rektorlyk binasynyň Sezai Karakoç (Güvercinlik) atly mejlisler jaýynda «Halkara Magtymguly Pyragy simpoziumy» («Uluslararası Mahtumkulu Firaki Bilgi Şöleni») geçirildi. Bu ylmy dabarany Ankara Ynsanperwer ylymlary uniwersiteti, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy, Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi, Eko Ýewraziýa Gaznasy we TURKSOÝ Ýazyjylar Bileleşigi bilelikde gurnady.

 

 

«Halkara Magtymguly Pyragy simpoziumynyň» açylyş dabarasynda Eko Ýewraziýa guramasynyň müdiriýetiniň başlygy Kemal Kurnaz, Mamak şäheriniň häkimi Murat Köse, Ankara Ynsanperwer ylymlary uniwersitetiniň rektory, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Musa Kazym Aryjan, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýit Yusup, Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan İşankuliýew, Bursa şäheriniň deputanty Osman Mesten, MHP-niň başlygynyň orunbasary we Türkiýäniň Milli mejlisiniň Newşehir sebit deputaty, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Filiz Kylyç we Amasýa sebitiniň deputaty Haluk İpek çykyş etdiler.

 

 

Ankara Ynsanperwer ylymlary uniwersitetiniň rektory Musa Kazym Aryjan öz çykyşynda türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan «Halkara Magtymguly Pyragy simpoziumyna» gatnaşmakdan hoşaldygyny aýratyn dile getirmek bilen: «Türkiýe Respublikasy, dogan döwletimiz bolan Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt boldy we Türkmenistanda ilkinji ilçihanany açdy» diýip belledi. «Halkara Magtymguly Pyragy simpoziumynyň» açylyş dabarasyndaky çykyşlardan soň Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işankuliýew Ankara Ynsanperwer ylymlary uniwersitetiniň rektory, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Musa Kazym Aryjana sowgat hökmünde türkmen milli eşigini gowşurdy.

 

 

«Halkara Magtymguly Pyragy simpoziumynyň» açylyş dabarasynyň çykyşlaryndan soň magtymgulyşynas alymlaryň gatnaşmagynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat Ankara Ynsanperwer ylymlary uniwersitetiniň YouTube kanalynda göni ýaýlymda görkezildi.

 

 

Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Bilal Çakyjynyň başlyk etmeklikde «Halkara Magtymguly Pyragy simpoziumynyň» halkara ylmy-amaly maslahatyna Türkiýeden we Özbekistandan alymlar gatnaşdy. Türkiýeden filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Fikret Türkmen, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Melek Erdem, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Mustafa Baş, filologiýa ylymlarynyň doktory, dosent Berdi Saryýew, filologiýa ylymlarynyň doktory, dosent Hidaýet Peker, Özbegistandan bolsa Samarkand döwlet uniwersitetiniň türkologiýa institutynda işleýän filologiýa ylymlarynyň doktory Emrah Ýylmaz çykyş etdi.

 

 

Çykyşlarda türkmen halkynyň dana akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi, bu gymmatly edebi mirasyň umumadamzat nesli üçin ähmiýetli taraplary barada giňişleýin gürrüň edildi we beýik söz ussadynyň çeper eserlerini düýpli öwrenmeklik babatda Türkiýede TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde uly işleriň edilendigini, 2014-nji ýylda TÜRKSOÝ neşirýaty tarapyndan türk dilinde iki jiltden ybarat  «Magtymguly» eserler ýygyndysy («Mahtumkulu, bütün eserler») kitabyň, Türkiýäniň Ankara uniwersitetiniň Dil-taryh we geografiýa fakultetiniň türkmen dili mugallymy, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Berdi Saryýewiň türk dilinde «Nusgawy düşünjäniň türkmen binagärleri: Döwletmämmet Azady we ogly Magtymguly» («Klasik Düşüncenin Türkmen Mimarları: Devletmehmet Azadi ve Oğlu Mahtumkulu») atly kitabynyň, TIKA neşirýaty tarapyndantürk hem-de türkmen dillerinde «Magtymgulynyň diwany» («Mahtumkulu divanı») atly kitabyň, «Magtymgulynyň ýatlama kitaby» («Mahtumkulu anı kitabı») atly kitabyň, Stambul «Ylym» neşirýaty tarapyndan türk dilinde «Magtymgulynyň diwany» («Mahtumkulu divanı») akademiki neşiriň, 2016-njy ýylda Ankaranyň «kitabevi» tarapyndan filologiýa ylymlarynyň doktory Emrah Ýylmazyň şahyryň döredijiligine degişli 1728 sany frazeologik söze türkçe-türkmençe düşündiriş berýän, 775 sahypadan ybarat «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologik sözlügi» («Mahtumkulu’nun eserlerinin deyimler sözlüğü») atly kitabynyň çap edildigini aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem, bu ylmy dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde guramaçylykly belläp geçmeklik barada gol çeken kararyndan soňra, Türkiýede şol ýylda «Akçag» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Magtymguly diwanyndan saýlama eserler (hikmetler, nesihatlar)» («Mahtumkulu Divanı’ndan Seçmeler (hikmetler, nasihatler)») atly kitabyň, 2022-nji ýylda ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory Emrah Ýylmazyň Samarkandyň «Fan Bulog’i» neşirýaty tarapyndan özbek dilinde çap edilen «Magtymguly Pyragynyň pikir dünýäsi» («Maxtumquli Firog‘iyning fikr dunyosi») atly kitabynyň, 2023-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Ahmet Buranyň Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermegi esasynda türk medeniýetine hyzmat gaznasy tarapyndan neşir edilen «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» («Sözü Kanatlandıran Şair – Mahtumkulu») atly kitabynyň, ýakyn günlerde türk dilinde neşir ediljek «Magtymguly– beýik söz ussady», «Magtymguly ensiklopediýasy» atly kitaplaryň türki döwletlerde «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda beýik akyldaryň şanly senesine uly sowgat boljakdygyny bellediler.

 

 

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň şunuň ýaly halkara derejesinde örän çuňňur öwrenilmegi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň günsaýyn barha rowaçlandygyny aýan edýär.

 

Toýly Jänädow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň işgäri.