logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly
  28.03.2024
665
Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly

2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşi tarapyndan “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip atlandyrylmagy eserlerinde dost-doganlyk ýörelgelerini, parahatçylygy, ynsanperwerligi giňden wasp eden hem-de şygyrlarynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine şol ýörelgeleri wagyz eden türkmen halkynyň we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan ýokary hormat-sylagdan aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, gadymylygy kimin şöhraty-da äleme dolan Änew topragynyň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi eziz ilimizi has-da galkyndyrdy. 

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda belläp geçişi ýaly,  Türki Döwletleriň Guramasy taryhy taýdan umumylygy, diliň, medeniýetiň, ruhy gatnaşyklaryň we ynsanperwer gymmatlyklaryň bitewüligi esasynda biziň ýurtlarymyzydyr halklarymyzy birleşdirýär.

 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň türki dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasaty gyzgyn goldawa eýe bolýar. Umumy abadançylyga we ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän bu ýörelgeler dünýä halklarynyň ählisi üçin hem  maksadalaýyk alnyp barylýar.   

 

TÜRKSOÝ-nyň Türkmenistan bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdürilmegi ugrunda zerur bolan tagallalar durmuşa geçirilýär.

 

Ogulgurban ÇARYGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.