logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Agriculture /Tohumlyk gowaça çigidiniň 2 müň 129 tonnasy taýýarlanyldy
  02.02.2023
1147
Tohumlyk gowaça çigidiniň 2 müň 129 tonnasy taýýarlanyldy

Ýolöteniň pagta arassalaýjy kärhanasynyň zähmetsöýer işçileri 2023-nji ýyly ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her iş gününi uly üstünliklere besleýärler. Ýyllyk kuwwaty 90 müň tonna gowaça hasylyny gaýtadan işlemäge niýetlenilen bu kärhanada şu günler zarpçy zähmet gaýnap joşýar. Kärhananyň işçileri geçen 2022-nji ýylyň gowaça hasylyndan umumy kabul edilen pagtanyň 7 müň 964 tonnasyny gaýtadan işläp, şondan 2 müň 129 tonna tohumlyk gowaça çigidini hem-de dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan arassa süýümiň 1 müň 945 tonnasyny taýýarladylar. Häzir hem bu ýerde her gün şeýle önümiň 35 tonna golaýy taýýarlanylýar. Soňra ýokary hilli, ekologik taýdan arassa pagta süýümi ýurdumyzyň dokma toplumlaryna ugradylýar.

Kärhananyň tehnika binýadynyň üstüniň täzeleri bilen yzygiderli ýetirilip durulmagy işleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýmaga giň mümkinçilik berýär.