Her bir türkmen maşgalasynda ene-ata, watana, topraga, bolan hormat uludyr. Ene-ata öz perzentlerini mähir muhabbet bilen gurşap alyp olaryň edep-ekramly il halar adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Nesilden nesle geçip gelýän terbiýe meselesinde zenan maşgalalara hormat goýmak üýtgewsiz berjaý edilýär. Zyýanly endiklerden daşda durmak, ýagşylygy ýaran edinmek halkymyzyň üýtgewsiz durmuş ýörelgesidir. Türkmen halky gelin-gyzlaryny ýüzüniň tuwagy, edebi, namys tugy hasaplaýar. Gyz maşgala enesinden öwüt-ündew alyp ony durmuş çelgisine öwürýär. Bir hakykata üns bereliň. Täze nahaly haýsy tarapa ugrukdyrsaň, ol şol boýunça-da ösüp-ulalýandyr. Edil şol kysymy ene-de gyzyna çagalykdan terbiýe sapagyny geçýär. Olara kiçilikden başlap edep kadalaryny, öý-hojalyk işlerini, tikin-çatyn işlerini öwredip ugraýar. Bu ýagdaý gyz çagany ulugyz bolup ýetişende geljekki durmuşa taýýarlaýar.
Türkmen zenanlarynyň el işleri olaryň gözellik dünýäsiniň bir ülşüdir. Onda durmuş sapaklary, gözellige bolan söýgi, halal zähmete bolan çuňňur garaýyş jemlenendir. Gyz maşgala ýaşlykdan el işine werziş bolsa, durmuş oňa köp zatlary öwredýär. Baryp, geçen asyrlarda türkmen maşgalasynda el işlerine aýratyn üns berlip, ol işleriň çaganyň kemally bolup ýetişmegine oňyn täsirini ýetirýändigine türkmen topragyna gelen jahankeşdeler hem göz ýetiripdirler. Şu ýerde türkmen topragyna syýahat eden wenger alymy Arminiý Wamberiniň sözlerini mysal getireliň. Ol şeýle ýazypdyr: «Men çagalaryň, ylaýta-da, gyzlaryň ýaşlykdan haly dokamak, keçe basmak ýaly işlere werziş bolýandygyny synladym. Bu esasan-da günbatar türkmenlerinde ýörgünli eken. Ýaş gyzjagazlar çagalygyna garamazdan, synnyny, keseri ellerinde gaýym tutmagy öwrenipdirler. Olar öz işlerine durky bilen berlipdir. Olaryň elleriniň gudraty bilen sungat eserleri dünýä inýär».
Maşgalada çaga tebigy gurşaw bilen sazlaşykly ösýär. Tebigatda bolup geçýän hadysalar, adamlaryň hereketi, deň-duşlarynyň durmuşa bolan garaýyşlary, ulularyň göreldesi olaryň ruhy taýdan ösüşine täsir edýär. Eger-de ene-ata perzendini ýagşy ýola ugrukdyryp wagtyny gowy işlere sarp etmegi öwreden halatynda, çagada kämillik endikleri terbiýelenýär. Her bir türkmen maşgalasynyň baş maksady edep-tertipli, halal, arassa ahlakly nesli terbiýeläp ýetişdirmekdir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy kemally perzendiň berýän nepini:
Huda berse sagadatly bir perzent,
Garrygan çagyňda ýaş eder seni
- diýip beýan edipdir. Sagadat – bagt, mübäreklik, sagadatly bolmak – bagtly, bagtyýar bolmak. Pähimdar ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly terbiýeli perzent göýä miweli daragt ýaly, ile-güne hemaýat saýasyny salýar. Onuň nesil ulgamy ösüp-örňäp, şaha ýaýyp, dowamat-dowam bolýar. Her bir maşgalada kemally çagalaryň ösüp ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýän hormatly belent Serkerdebaşymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak bolsun!
Döwletgeldi SAPARGULYÝEW,
Babadaýhan etrabynyň polisiýa bölüminiň, kapitany.