logo

Latest news:
✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦
Home / Economics /Telekeçileriň üstünlikleri
  12.09.2020
768
Telekeçileriň üstünlikleri

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-ýurt bähbitli işlerinden, ýurdumyzyň gülläp ösmegi baradaky taýsyz tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan halkymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly-uly sepgitlere ýetýär. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak we ösdürmek bilen bagly kabul edýän Kararlary netijesinde ýurdumyzyň çar künjünde gurlup ulanmaga berilýän hususy önümçilik kärhanalary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna uly ýardam edýär.

2015-nji ýylyň 15-nji maýyndaky №14246 belgili Kararyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde telekeçi Rejepgeldi Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk gurluşyk we beýleki maksatlar üçin ýer böleginden peýdalanmak hukugyny berýän №0010517 belgili Döwletnamasy esasynda, süýji-köke öndürýän “Burkut” konditer kärhanasy guruldy.

2012-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky №12446 belgili  Kararyna laýyklykda “Döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek baradaky” karz syýasatyna esaslanyp, telekeçi R.Hudaýberdiýew “Burkut” konditer kärhanasyny guryp işe girizmek üçin,   2015-nji ýylda ýeňillikli uzak möhletli karz  pul serişdesi “Senagat” PTB-y tarapyndan berlen. Bu kärhana öz işini 2017-nji ýylyň awgust aýynda işe göýberip, Germaniýa we Italiýa döwletleriniň iň öňde baryjy önümçilik enjamlar toplumyny bilen işe girizildi. Häzirki wagtda bu kärhanada doly güýjinde işlän ýagdaýynda, aýda 300 tonna  dürli tagamly ýumşak we gaty karamel süýji önümlerini öndürmegi bilen,  kärhanada 70 adam zähmet çekip, öndürilýän süýji önümleri el ýeter bahadan ýurdumyzyň içki bazarlarynda uly isleg bilen alynýar.

         Telekeçileriň  öňünde goýýan wezipelerinden ugyr alyp, importyň ornuny tutýan harytlary öndürmeklik we gyzyl  pullary tygşytly ullanmaklyk üçin daşary ýurt bazarlaryna eksport edilmekligini göz öňünde tutup, kärhanada öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyny maksat edinýar. Şol sebäpli 2018-nji ýylyň maý aýynda SGS kompaniýasy tarapyndan bu kärhana sertifikatlandyryş auditinden geçirildi, netijede ISO 9001 we ISO 22000 halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklygy barada we iýmit howpsuzlyk menejment ulgamlarynyň sertifikatlary alnyp, öndürýan önümler Halkara standartlaryna gabat gelýandigini tassyklanyldy.

         Ösüş-özgermelere beslenen täze taryhy döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň täze belentliklere çykmagyna saldamly goşant goşmagy we özüniň ýokary hilli önümleri bilen içerki we daşarky bazarda uly meşhurlyga eýe bolmagy maksat edinýän telekeçi R.Hudaýberdiýewiň özi we onuň “Burkut” konditer kärhanasynynyň işçi hünärmenleri  köp sag bolsun aýdýarlar.