Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, her gün Watanymyzyň taryhyna şanly wakalar ýazylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikler eziz Watanymyzyň şöhratyny has belende galdyrýar. "Magtymguly Pyragy ýylynda" bagtyýar halkymyz, hormatly Prezidentimiziň saýasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp, rowaçlyklara buýsanyp ýaşaýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, her ýyl halkyň bähbidine gönükdirilen möhüm kararlar kabul edýär. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen Dikeldiş merkezinde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi, Demokratik Partiýasynyň Tejen etrap komiteti, we Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Tejen etrap Geňeşi bilen bilelikde, tegelek stolyň başynda üstünlikli söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi we türkmen döwletiniň berkararlygynyň dowam etmegi ugrunda edilen işleri belläp geçdiler. Ylym-bilim, saglyk, oba hojalygy ýaly ugurlarda gazanylan belent sepgitler we döredilen mümkinçilikler barada aýdyldy. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri rowaçlyklara beslenip, il-gün üçin beýik geljegi üpjün edýändikleri bilen ýürekden minnetdarlyk bildirildi.
Aýsoltan Öwezowa
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklary,
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hünärmeni