Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elif Mebel" indi Damla onlaýn dükanynda elýeterli ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦ ✦ Tejende pagta ýygymyna işjeň gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy ✦ ✦ Tejen etrabynda basketbol ýaryşy: 42-nji orta mekdep ýeňiji boldy! ✦ ✦ Tejende 'Ýol Hereketiniň Howpsuzlygy' bir aýlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik ✦
Baş sahypa / Sport /Tejen etrabynda basketbol ýaryşy: 42-nji orta mekdep ýeňiji boldy!
  04.10.2024
48
Tejen etrabynda basketbol ýaryşy: 42-nji orta mekdep ýeňiji boldy!

Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlar bilen birlikde sport ulgamyna hem uly üns berýär. Ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Geçirilýän sport bäsleşikleriniň sany gün-günden artýar. Şeýle bäsleşikleriň biri-de ýakynda Tejen etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli "Sagdynlyk we ruhubelentlik" ady bilen, etrabyň 42-nji orta mekdebiniň sport zalynda sportuň basketbol görnüşi boýunça geçirildi. Bäsleşigiň ähli toparlarynyň düzüminde bilim ulgamynda zähmet çekýän, sporta höwesli Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary hem-de ýokary synp mekdep okuwçylary çykyş etdiler.

Ýaryş ähli toparlar üçin diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Janköýerler öz toparlaryny ýaryşyň soňuna çenli goldamagy başardylar. Ýaryşa gatnaşan toparlar 4 toparda özara bäsleşdiler.

Birnäçe tolgundyryjy pursatlar bilen geçen bäsleşigiň ahyrynda ýer eýeleri bolan 42-nji orta mekdebiň basketbol topary üstünlikli çykyş edip, 1-nji orny eýelemegi başardy. Şeýlelikde, 2-nji orny 5-nji mekdep, 3-nji orny bolsa 15-nji mekdebiň topary eýeledi.

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaryşa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyp, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

H.Sapardurdyýew
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň hünärmeni