Tejen etrap häkimliginiň mejlisler zalynda, Ýaşulylaryň halkara gününe bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyza gadam basan ilkinji günlerimizden bäri, ajaýyp zamanamyzda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim we oba hojalygy ýaly ähli pudaklarda uly ösüşleriň gazanylýandygyny bellediler. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna uly itergi berýändigini buýsanç bilen nygtadylar.
Maslahatyň dowamynda, Ýaşulylaryň halkara güni mynasybetli, il sylagly ýaşululara we kümüş saçly enelere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ter gül çemenleri hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar, ajaýyp zamanada ýaşamaga we işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýsoltan Öwezowa
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hünärmeni