Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýol hereketiniň kadalaryny we raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Biraýlyga bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşyklary we bäsleşikler Tejen etrabynyň çäginde hem yzygiderli geçirilýär. Ýakynda bolsa Tejen etrap Hassahanasynda, Tejen etrap Polisiýa bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ýurduň parahatlygy” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Duşuşyga etrap hassahanasynda zähmet çekýän lukmanlar we beýleki işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýyl ýurdumyzda yglan edilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmeginiň ýol-ulag hadysalarynyň we şikes almalaryň öňüni almakda oňyn täsirini ýetirýändigini hem-de ähli babatda il-halkyň rahatlygy, saglygy, we bähbidini ileri tutýan Döwlet baştutanymyzyň başlangyçlarynyň öz netijeliligini tassyklanlygyny buýsanç bilen bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar halkymyzyň abadan durmuşy we röwşen geljegi ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç almagyny arzuw etdiler.
Maral Akyýewa
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni