Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elif Mebel" indi Damla onlaýn dükanynda elýeterli ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦ ✦ Tejende pagta ýygymyna işjeň gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy ✦ ✦ Tejen etrabynda basketbol ýaryşy: 42-nji orta mekdep ýeňiji boldy! ✦ ✦ Tejende 'Ýol Hereketiniň Howpsuzlygy' bir aýlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik ✦
Baş sahypa / Sport /Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi
  04.10.2024
43
Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi

Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlar bilen bilelikde türkmen sportyna uly üns berýär. Ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Geçirilýän sport bäsleşikleriniň sany gün-günden artýar. Şeýle bäsleşikleriň biri-de ýakynda Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli “Sagdynlyk we ruhubelentlik” ady bilen etrabyň 36-njy orta mekdebiniň sport zalynda, sportuň stol üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça geçirildi.

Bäsleşigiň ähli toparlarynyň düzüminde bilim ulgamynda zähmet çekýän, sporta höwesli Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary bolan 2 tennisçi we 1 wekil çykyş etdiler.

Ýaryş ähli toparlar üçin diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Ýaryşa gatnaşan toparlar 4 toparda özara bäsleşdiler.

Birnäçe tolgundyryjy pursatlar bilen geçen bäsleşigiň ahyrynda ýer eýeleri bolan 36-njy orta mekdebiň topary üstünlikli çykyş edip, 1-nji orny eýelemegi başardy. 2-nji orny 32-nji mekdep, 3-nji orny bolsa 15-nji mekdebiň topary eýelediler.

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaryşa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini tüýs ýürekden beýan etdiler.

Myrat Çaryýew
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy