logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Agriculture /Tejen etrabynda bioönümleri öndürmeklik işi ösdürilýär
  21.08.2023
731
Tejen etrabynda bioönümleri öndürmeklik işi ösdürilýär

Tejen etrabynyň çägindäki biokärhanalarda bioönümleri öndürmek we meýdana göýbermek bilen baglanşykly işe hem jogapkärli alnyp barylýar. Biokärhanalaryň işgärleri zyýan berijilere garşy gabrobrakon, trihogramma, altyngözlüje ýaly peýdaly möjekleri öndürmekde, köpeltmekde her ýyl oňat netijeleri gazanýarlar. Üstümizdäki ýylda-da bol hasylyň kemala gelmeginde olaryň bu ugurda alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. 

 

Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri ekinlerden bol hasyl almak ugrunda guwandyryjy işler alyp barýarlar. Olar şu günler ýetişdirilen gök-bakja önümleri ýygnamak we ýerlemek, gowaça ideg etmek, şeýle-hem pagta ýygymyna taýýarlyk görmek, ýerleri güýzlük däne ekişine taýýarlamak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

 

Häzirki wagtda etrabyň gowaça ekilen meýdanlarynda gowaçanyň ujuny çyrpmak işine aýratyn jogapkärli çemeleşýärler. Tejen daýhan birleşiginiň “ak altyn” ussatlary bu babatda nusgalyk görelde bolýarlar. Güýzlük däne ekişi geçiriljek maýdanlarda sürüm, tekizlemek we dökün dökmek işleri Däneçilik, Ö. Japarow, Täze oba daýhan birleşiklerinde has sazlaşykly ýerine ýetirilýär. 

 

 Arslan ATANIÝAZOW  
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Tejen etrap komitetiniň jogapkär işgäri