logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /TEHNIKALARYŇ SANY KÖPELÝÄR
  23.09.2020
896
TEHNIKALARYŇ SANY KÖPELÝÄR

      Ýurdumyzda pagta ýygymynyň dowam edýän gyzgylaňly döwründe, Tejen etrabynyň daýhanlary buýsançly pursatlary başdan geçirdiler. Olar ABŞ-nyň “Jon Deer” kompaniýasyna degişli bolan, täze pagta ýygyjy kombaýynlarynyň 17-ni kabul etdiler. Ol tehnikalar bu günki-gün daýhanyň arkadaýanjyna öwrüldi. Şonuň üçin hem şol pagta ýygyjy kombaýynlar tejribeli, işe ökde mehanizatorlara ynanyldy we taýýarlyk hataryna çykaryldy. Etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasyna gelip gowşan bu tehnikalar pagtaçy kärendeçileriň ruhyny has hem belende göterildi.

         Daýhan “çekseň zähmet ýagar rehnet” diýilişine görä, Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmenleri şol tehnikalaryň aýawly saklanylmagy ugrynda birleşen tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Olar pagta ýygyjy kombaýynlaryň işlediljek meýdanlaryny şu günlerden seçip aldylar. Ol ýerlerde taýýarlyk işlerini hem guramaçylykly ýola goýdylar. Tejen etrap häkimligi tarapyndan ýörite hünärmenler berkidilip, işleriň ekerançylygyň talaplaryna laýyklykda berjaý edilmegine iňňän uly ähmet berilýär. Munuň özi daýhan yhlasy bilen kemala getirilen “ak altynyň” ýitgisiz ýygnalynmagyna ýardam berer.  

         Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda pagta ýygymy möwsümde pagta ýygyjy kombaýynlaryň sürüjileriniň arasynda, etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan 10 günlik ýaryşlaryň yglan edilmegi, zähmet adamlarynyň arasynda iş öndürijileriň has ýokarlanmagyna getirer.