logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Tebigat /Tebigaty goramak – asylly häsiýet
  24.12.2022
1396
Tebigaty goramak – asylly häsiýet

Te­bi­ga­tyň baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak, ösüm­lik­ dünýäsiniň seý­rek duş­ gelýän, ýi­tip ýok bolup bar­ýan gör­nüş­le­ri­ni goramak, olaryň genofon­du­ny ýi­tir­män sak­la­mak hä­zir­ki dö­wür­de Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda döw­le­t tarapyndan öňe sürülýän esasy we­zi­peleriň biridir. Bu mesele häzirki wagtda global häsiýete eýe boldy. Yl­myň hem teh­ni­ka­nyň, senagatyň barha ös­me­gi ne­ti­je­sin­de daşky dünýä, te­bi­ga­ta ýetirilýän tä­si­r hem has art­ýar. Te­bi­gata aýawly göz bilen garalmasa, onuň deňagramlylygy bozulyp, köpdürliligi peselýär.  Bu ýagdaý her bir adam üçin jo­gap­kär­çi­lik­li we­zi­pe bolmak bilen, sahawatly top­ra­gy­myzyň, gö­zel te­bi­ga­ty­myzyň we onuň baý­lyk­la­ry­nyň ga­dy­ry­ny bil­mek mukaddes borçdur. Bu ugurda te­bi­ga­ty aýawly saklamaklyga aňryýany bilen düşünýän ýaş nes­li ter­bi­ýe­läp ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Ça­ga­ny ýaş­lyk­dan te­bi­gat baý­lyk­la­ry­na aýawly göz bilen seredýän, ösen düşünjeli edip ýetişdirmek üçin onda tebigata bolan söý­gini dö­ret­me­li. Olarda aňyrsyna gözýetmez sähralarymyzyň, belent dag­la­rymyzyň, owadan baýyrlarymyzyň ösümlik dünýäsiniň ynsanyň ýaşaýşy üçin örän möhümdigi hakynda düşünje döretmeli. Bu­la­ryň ählisiniň ýaş nesliň te­bi­gat bi­len gat­na­şy­gy­ny je­bis­leş­dir­mek­de, ösüm­lik­ we haý­wan­at dünýäsine bolan söý­gini dö­re­tmek­de uly äh­mi­ýe­ti bar. Munuň üçin o­la­ryň bu babatda gy­zyk­ly ki­tap­la­ry köp oka­ma­gy­ny ga­zan­maklyk hem diýseň peýdalydyr. Ýaş nesillerde okuwda we okuwdan da­şa­ry ge­çi­ril­ýän iş­ler­de zäh­me­te bolan höwesi kemala getirmeklige ünsi güýçlendir­me­li­dir. Mek­dep­de ça­ga­la­ra ösüm­lik­le­ri aýap sak­la­ma­ly­dy­gy, te­bi­ga­tyň bi­ziň gym­mat­ly baý­ly­gy­myz­dy­gy baradaky düşünjeleriň berilmegi we olaryň üstüniň yzygiderli ýetirilip durulmagy netijeli görkeziji bolup çykyş edýär. Şonda ýaş nesillerde eziz Watanyna, gözel tebigatyna, ene topragyna we onuň gymmatly baýlyklaryna bolan buýsanç duýgulary kemala gelýär. Şonuň ýaly hem ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm orun berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. 

 

Umyt GAZAKOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.