Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦ ✦ Astrahanda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy ✦ ✦ Gözlegçiler bakteriýalary 120 nanometr giňişlikde görmegi başardylar ✦
Baş sahypa / Tebigat /Tebigata aýawly çemeleşmegiň özboluşly ýörelgesi
  18.03.2024
81
Tebigata aýawly çemeleşmegiň özboluşly ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem gatnaşmagy döwletimizde bu asylly däbe mynasyp eýerilýändigine şaýatlyk edýär. 

 

Çünki ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty şeýle asylly ýörelgelere esaslanmak bilen, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň özboluşly ýörelgelerini kemala getirendigini mälim edýär. Köpçülikleýin bag ekmek dabarasynda bagtyýar ýaşlaryň hem bardygy bellärliklidir. Sebäbi ýaş nesilleriň aňynda hem kalbynda zähmetsöýerlik, topraga halal zähmetiň hem yhlasyň bilen hyzmat etmek ýaly asylly endikleriň kemala gelmegini gazanmak döwlet syýasatymyzyň düýp özenini düzýär. 

 

Sahawatly türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň köpdürliligini gorap saklamak, baýlaşmagyny üpjün etmek, amatly, arassa howa gurşawynyň emele gelmegine ýardam edýän ýaşyl zolaklar ilatyň sagdyn ýaşaýşynyň hem abadançylygynyň möhüm şertidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda Diýarymyzda ýokary ekologik ýagdaýy üpjün etmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. 

 

Ekologiýa bilen ugurdaş möhüm meselede milli we sebit derejede durmuşa geçirilýän maksatnamalardyr taslamalar bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýetini şertlendirýär. Ata Watanymyzyň halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlarynyň ähmiýeti örän uly bolup, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak bilen bagly teklipler munuň aýdyň güwäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gözel bagy-bossanlyga bürenýär, ýaşyl zolaklaryň, ajaýyp seýilgähleriň, gür tokaýlyklaryň çäkleri barha giňelýär. Şeýle asylly başlangyçlar bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyzyň günsaýyn gözelleşýändigini, ösüşler hem ýeňişli menziller bilen barha batlanýandygyny alamatlandyrýar.  

 

Firuza DOSÇANOWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.