logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /Täzelenişiň we tämizligiň baýramy
  09.03.2023
1203
Täzelenişiň we tämizligiň baýramy

Terbiýeçilik ähmiýetli zatlaryň ählisi ajaýypdyr. Sebäbi olarda halkyň milli aýratynlygy, däp-dessury, edim-gylymy, gowulyga ýugrulan isleg-arzuwy jemlenen. Şatlyk-şowhunyň, aýdym-sazyň teşnesi bolan halkymyzyň milli baýramlary-da şol ajaýyplyklara girýär. Olaryň arasynda pasyllaryň soltany baharda bellenilýän Nowruz baýramy hem bar. Nowruz halk baýramçylygy hökmünde öz köküni has gadymyýetden alyp gaýdýar.

Halkymyz uzak ýyllaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, ondan peýdalanmagyň birnäçe usullaryny giňden ulanmagy başarypdyrlar. Her döwrüň häsiýetine laýyk gelýän ýorgutlary, aýtgylary döredip, hasaplary ýöredip, şol döwürde daýhançylykda we çarwaçylykda bitirilmeli işleri hem-de öňde durýan wezipeleri kesgitläpdirler. Asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alyp gaýdýan «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz», «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz gelse, buz durmaz» kimin dürli öwüşginli jümleler ata-babalarymyzyň her günüň, her paslyň özüne kybapdaş alamatyny kesgitländiklerini subut edýär.

Pasyllaryň soltany baharyň eziz Diýarymyza gelmegi bilen al-ýaşyl reňke bürenen türkmen ýaýlasynyň her bir ot-çöpi derde derman, jana tenekar. Bahar paslynyň arassa howasynyň mylaýym deminden nemlenen meýdanlarda gögeren gök otlar herekete gelip, boý alyp, ösüp başlaýar. Irki ýaz otlaryna basyrylan sähralarymyz misli ýaşyl begres ýapylan ýaly bolýar. Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde köp görnüşli, dürli reňkli bahar güljagazlarynyň açylmagy bolsa, tebigatymyza has-da gözellik çaýyp, ýaşyl ýaýlalarymyzy ajaýyp keşbe besleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly dabaralara beslenýär. Baýram güni dynç alyş ýerlerinde, seýilgählerde medeni çäreler örän ýokary derejede geçirilýär. Halk köpçüligi şol dabaralara işjeň gatnaşyp, şatlykly pursatlary başdan geçirýär. Şeýle bagtyýar durmuşyň sakasynda milli mirasymyzy umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň durýandygy örän buýsandyryjydyr. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.