logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Täze ýylyň öňýanynda täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy
  28.12.2022
1052
Täze ýylyň öňýanynda täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy

27-nji dekabrda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Aşgabat» kinoteatrynda golaýlap gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Gyzyl alma» atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy.

Hekim Alowowyň režissýorlygynda surata düşürilen bu filmde adamlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar, birek-birege ýagşylyk etmek ýaly asylly ýörelgeler barada gürrüň berilýär.

Çeper filmde Mergen we Alma atly aşyk-magşuklar we olaryň başdan geçiren wakalary barada gürrüň berilýär. Filmde Mergeniň keşbini Ahmet Amandurdyýew, Almanyň keşbini Altyn Berdiýewa ýerine ýetirýär. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda görkezilen bu film tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy.