logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Täze ýyl şowhuny bagtyýar Diýarymyzy gurşap alýar
  20.12.2025
318
Täze ýyl şowhuny bagtyýar Diýarymyzy gurşap alýar

Bütin dünýäde adamzadyň nurana arzuwlar bilen garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň maşgalalary üçin agzybirligiň, bagtyýarlygyň we şatlygyň aýdyň alamatyna öwrülýär. Ýakymly pursatlar we ýatlamalar adam kalbyny şatlyk bilen doldurýar we ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berýär.

 

Häzirki döwürde beýik akyldar şahyrymyz Мagtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, halkymyzyň asuda, agzybir we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary hasyl boldy. Arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasynda indi tutuş halkymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyny hem mynasyp derejede garşy alýar.

 

Şu günler ýurdumyz has-da gözel görnüşe girip, baýramçylyk öwüşginleri bilen görenleri haýrana goýýar. Bu tebigy ýagdaýdyr. Her bir täze gün döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly özüniň rysgal-berekedi bilen halkymyzy guwandyrdy. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ähli ugurlarda üstünlige beslenen 2025-nji ýyl her bir adamyň kalbyna buýsanç, ýüregine mähremlik çaýdy. Täze ýyl baýramynyň ýakymly pursatlarynda her bir ynsan ýakynlaryny gutlap, dost-ýarlaryna, dogan-garyndaşlaryna, goňşy-golamlaryna päk arzuwlar edýär. Munuň özi bagtly, parahat we asuda durmuşdan nyşandyr.

 

Baky bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda şadyýan çagalaryň şirin owazlary belentden ýaňlasyn! 2026-njy ýyl türkmen halkymyza rysgal-bereket, bagtyýarlyk we abadanlyk getirsin!

 

Suraý ÝAGŞYGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet medeniýet
we sungat mekdebiniň mugallymy.