logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçiriler
  03.12.2022
1240
Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçiriler

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli dekabr aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çärelerine we dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Dürli medeni çäreleri, şol sanda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi, Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralary geçirmegiň giň gerimli maksatnamasyny sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsertler, sahna oýunlary, mowzuklaýyn sergiler we döredijilik duşuşyklary, mediaforumlar, ylmy maslahatlar düzýär. 2022-nji ýylyň 10-njy dekabry — 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwary aralygynda Russiýanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär.

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen badalga alar, soňra baýramçylyk dabaralary tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylar. Diýarymyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry şu aýyň möhüm wakalarynyň biri bolar. 31-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl mynasybetli medeniýet, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertlerini, paýtagtymyz bilen welaýatlaryň arasynda Täze ýyl teleköprüsini guramak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralarynyň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda-da köpöwüşginliligi bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydygyny, mähriban halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýdyň nyşanyna öwrülmelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen halkara çäreleriň, forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, baýramçylyk çäreleriniň ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini we raýatlarymyza, ilkinji nobatda, çagalara şatlyk paýlamalydygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.