logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /«Täze eýýamyň üme dessury» atly döredijilik festiwaly geçirildi
  29.11.2022
1559
«Täze eýýamyň üme dessury» atly döredijilik festiwaly geçirildi

Golaýda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde «Täze eýýamyň üme dessury» atly döredijilik festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä ýokary okuw mekdebiniň talyp gyzlary gatnaşdylar.

Festiwalyň çäginde talyp gyzlaryň taýýarlan el işleriniň sergisi guraldy. Biri-birinden owadan amaly-haşam sungatyna degişli işler çäräniň özboluşly bezegine öwrüldi. Eli çeper gyzlaryň owadan gölli halylary, palaslary, keşdeli çabytlary we donlary, gülli joraplary, milli lybaslarymyzy taryplap ýerine ýetiren çykyşlary çuňňur many-mazmuny, gyzykly maglumatlara baýlygy bilen tapawutlandy.

Döredijilik festiwalyna gatnaşan gyzlar üme dessurynda halk döredijilik eserlerini ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Institutyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyp gyzlarynyň keteni matasyny taryplap ýerine ýetiren folklor çykyşlary täzeçilligi bilen bu ýere gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Has tapawutlanyp çykyş eden talyplar döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.