Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi ✦ ✦ Magtymguly Pyragy Türkmen we Ermeni medeniýetleriniň arasyndaky köpri ✦ ✦ Döwrebap tehnologiýalar Ýurdumyzdaky özgertmeleriň täze ädimi ✦ ✦ Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçirildi ✦ ✦ Täsin tebigat hakda ✦ ✦ Paýtagtymyzda lukmançylyk merkezleri açyldy ✦
Baş sahypa / Tebigat /Täsin tebigat hakda
  13.10.2024
58
Täsin tebigat hakda

Daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatyň goýnunda ösüp örňeýän boý alyp  ýaşaýan dürli görnüşli agaçlar we olaryň gelip çykyşy ýaýraýşy barada bilmek hemmämize gyzykly. Şeýle agaçlaryň biri hem Köpetdagyň eteginde ösýän "Dagdan "agajydyr.

 

Bu agajyň daşky görnüşi  ýylmanak gabykly bolup, ýapraklary owadan görnüşe eýe bolup  beýikligine ösýän agaçlaryň görnüşine degişlidir. Oňa “Kawkaz güjümi” hem diýilýär.Dagdan, esasan, dag jülgeleriniň boýlarynda daglaryň suw ýygnanýan künjeklerinde ösýär.Agajyň ady Dagdan diýmek "dagdan güýç"alýan diýen manyny berýär.Kawkaz güjümi barada gürrüň edilende bu Gündogar Türkiýeden Gimalaý daglarynyň etegine çenli duş gelýär. Dagdan dag eteklerinde deňiz derejesinden 1700-1800 metre çenli ösýär.

 

Gözel tebigatymyzy bezeýän bu agaç Uly Balkan, Kürendag, Günorta-günbatar, Merkezi we Gündogar Köpetdag, Badhyz we Köýtendag sebitlerinde görmek bolýar.

 

Biziň ýurdumyzda Kawkaz güjüminiň az sanly görnüşi ösýär. Olar boýy 10-15 metre ýetýän ýapraklary dökülýän agaçlardyr. Olaryň açyk çal reňkdäki gabygy ýylmanakdyr. Bu agaçlar aprel-maý aýlarynda gülleýär, miwesi bolsa güýzde, sentýabr-oktýabr aýlarynda bişýär. Kawkaz güjümi guraklyga çydamly ösümlikdir, ol 500 ýyla çenli ýaşaýar. Haýal ösýär, 10–20 ýaşynda bolsa miwe berip başlaýar.

 

Dagdanyň miwelerinde 15%-e çenli ýag bar. Gabygynda 8–12% tanin bar, geçmişde ol senetçilikde aşgar önümçiliginde hem boýagçylykda ulanylypdyr.Bu daragtlaryň agajy hojalyk işlerinde we agaç ussaçylygynda ulanylýar. Dagdandan howut, el degirmeniniň sapyny we beýleki öý goşlaryny ýasapdyrlar. Dagdan agajynyň kiçijek bölegi-de tumar hasaplanýar, olary ýaşaýyş jaýlarynyň girelgesinde görmek bolýar.

 

Aýna ATAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiya we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.