Ýaňy ýakynda Aşgabatda "Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe" atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä we ylmy maslahata gatnaşýanlary gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz: "Milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary häzirki wagtda möhüm ösüşleri başdan geçirýär we öz binýadyny berkitmek üçin möhüm ädimleri atýar. Bu, iri özgertmeleri durmuşa geçirmekde kabul edilýän çäreler we öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy bilen baglydyr. Biz dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen hyzmatdaşlykda maksatnamalaýyn işleri dowam edýäris." diýip, bu barada nygtady.
Sergide Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň wekilleri, işewürler we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýarlar. Sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Ogulşat GURBANNEPESOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.