Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Maslahat 13-nji noýabrda türkmen, rus we iňlis dillerinde onlaýn görnüşde geçiriler.
Halkara foruma professorlar, aspirantlar, degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, bilermenler, ylym edaralarynyň, senagat kärhanalarynyň we Türkmenistanyň pudaklaýyn kompaniýalarynyň we daşary ýurtlaryň hünärmenleri çagyrylýar. Forum, Türkmenistanyň ýaşlarynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygy strategiýasynda, Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen konsepsiýalary durmuşa geçirmäge ugrukdyrylandyr.
Guramaçylyk komiteti geljekki maslahatyň ylmy çekişmeler we netijeli duşuşyklar üçin täsirli meýdança boljakdygyna, dünýäniň dürli künjeginden gyzyklanýan gatnaşyjylary birleşdirip, gymmatly tejribe alyşmaga, öz pikirlerini we ideýalaryny paýlaşmaga, şeýle hem durnukly gelejek üçin oňyn çözgütleri tapmaga kömek etjekdigine ynam bildirýär. Şeýle hem, ylym we bilim pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirmek üçin täze peýdaly gatnaşyklaryň gurulmagyna mümkinçilik dörediljekdir.
Atajan ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.