Aşgabatda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Täze lukmançylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Mary welaýatynda bolsa Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalarynyň açylyşlary hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyldy.
Täze desgalaryň açylmagy, Türkmenistanda döwrebaplaşdyrylýan milli saglygy goraýyş ulgamyna aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny goramak, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr.
Kyýas GELDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.