logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Culture /Taryhy ýadygärlige syýahat
  25.04.2021
624
Taryhy ýadygärlige syýahat

       Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň çäginde  ýerleşýän  Abiwerd galasyna syýahat  guraldy. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän işeňňir ýaşlar üçin guralan bu syýahatyň esasy maksady ýaşlaryň şan-şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny artdyrmakdan, olaryň watançylyk duýgusyny ösdürmekden ybarat boldy.  

         Syýasatyň barşynda ýaşlara etrabyň çäginde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler barada gyzykly gürrüň berildi.  Ady taryha siňen Nusaýyň we Merwiň aralygynda ýerleşýän Abiwerdiň döreýiş taryhy, ondan tapylan tapyndylar, şol döwrüň adamlarynyň meşgullanýan kärleri, oba hojalyk işlerinde ulanan gurallary, galany goraýjylaryň söweş tilsimleri dogrusyndaky gürrüňler syýahata gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy. Bu syýahat ýaşlaryň watançylyk duýgusynyň ösmegine oňyn täsir edip, olara ýakymly duýgulary peşgeş berdi.

     Gadymy Abiwrediň meşhur galalarynyň biri Kufen gözbaşyny Köpetdagyň jümmüşinden alyp, Soltandeşt ýaýlasyna akýan Dorungär çaýynyň aşaky akymynda, örän amatly ýerde ýerleşipdir. Häzirki günlerde Kaka etrabynyň Artyk demir ýol bekedinden 15 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Şugundyr baba ady bilen meşhur bolan zyýarathananyň daş-töweregi birmahalky Beýik Ýüpek ýolunyň arzyly düşelgesi bolan Küfen şäherjiginiň bize miras galan sudurlarydyr. Abierd hem onuň galalary hakynda maglumat berýän kitaplardaky ýazgylardan  çen tutsaň, bu şäher kysmy galanyň müň ýyl mundan ozal aýratyn uly ähmiýetli, gülläp ösýän ajaýyp bir menzil-mekan bolandygyna gözüň ýetýär. Maryny paýtagt edinip oturan patyşa Abdyllah ibn Tahyr Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm düşelgesi Kufende erk galaly, jemagat metjitli, dört derwezeli gala saldyrypdyr. Inde erk galanyň orny depe, galanyň diwarlarynyň yzy seňňer bolup galypdyr. Şäheriň daşyna halkalaýyn gala diwary aýlanypdyr.

         Orta asyr Kufeni öwrenmekde belli türkmen alym-arheology Ý.Atagarryýewiň köp hyzmatlary bitirendigini aýratyn bellemek gerek. Alym bu ýerde geçiren gözleg-barlag işleriniň dowamynda ençeme taryhy maglumatlary we gymmatlary jemledi. Häzirki wagtda hem agzalan çäklerde gazuw-agtaryş işleri geçirilip, öwreniş işleri dowam etdirilýär.